Arkadag şäherindäki önümçilik toplumlaryny enjamlaşdyrmakda koreýaly hyzmatdaşlaryň teklipleri öwreniler

MilliInfo

12 Oktýabr, 2026

Arkadag şäherindäki önümçilik toplumlaryny enjamlaşdyrmakda koreýaly hyzmatdaşlaryň teklipleri öwreniler

10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşdy.

Koreýaly myhman ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralara gatnaşmaga iberilen çakylyk üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanda geçirilýän dabaralar mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini belledi we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň wajypdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanda koreýaly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda senagat taýdan ähmiýetli köp sanly önümçilik toplumlarynyň gurlandygyny we saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalary enjamlaşdyrmakda olaryň işjeňlik görkezýändigini belledi. Munuň özi özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň we hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary nazarlaýandygynyň güwäsidir.

Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen oňyn çözgütleriň kabul edilendigini nygtady. Munuň özi özara hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Halk Maslahatynyň Başlygy, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde gurulýan önümçilik toplumlaryny enjamlaşdyrmakda we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde koreýaly hyzmatdaşlaryň teklipleriniň öwreniljekdigini belledi. Bu bolsa netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine giň ýol açar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygyna hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, koreýaly hyzmatdaşlaryň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalara işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirdi we myhmana alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info