Arkadag şäherindäki orta bilim ojagy döwrebaplaşdyrylar we daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebe öwrüler

MilliInfo

2 sagat öň

Täze şäherdäki umumybilim berýän mekdep döwrebaplaşdyryp, ony daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebe öwrüler. Bu barada 10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň barşynda beýan edildi. Bilim ojagyny daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebe öwürmek boýunça meýilleşdirilen işler hakynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň hasabatynda aýdyldy.

Milli Liderimiz bu çözgüdi oňlap, ýöriteleşdirilen mekdebiň ähli düzümleriniň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, lingafon otaglarynyň we beýleki okuw otaglarynyň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň özleşdirilmegi möhüm wezipedir. Hormatly Arkadagymyz bu mekdebiň ýaşlary bakalawr, magistratura ýaly ugurlara gönükdirmäge ýöriteleşdirilen bilim ojagy bolmalydygyny nygtady.

«Ony tamamlan okuwçylar öz islän hünäriniň eýesi bolmakda uly mümkinçiliklere eýe bolarlar. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň dil öwrenmegi, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy bilen bagly meseleleriň oňyn çözülmegine täsirini ýetirer. Şu maksat bilen, mekdebiň binasynyň ösen talaplara laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir» diýip, alym Arkadagymyz belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info