Arkadag şäherinde bejergi alýan hem-de Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik nygmatlary sowgat edildi

MilliInfo

29 Sentýabr, 2025

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan süýjülik nygmatlary gowşuryldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Şeýle ajaýyp waka mynasybetli guralan dabaralara Türkmenistanyň Mejlisiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşyp, çagalaryň şatlygyny paýlaşdylar.

Ýeri gelende bellesek, degişli merkezlerde terbiýe alýan we saglyklaryny bejerdýän çagalara baýramçylyk günlerinde dürli naz-nygmatlaryň gowşurylmagy Watanymyzda asylly däbe öwrüldi.

Baş baýramymyz mynasybetli çagalara gowşurylan nygmatlaryň hatarynda dürli miweler, gök-bakja, çörek we süýji-köke hem-de şöhlat önümleri, miwe suwlary bar. Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we Döwletliler köşgüniň çagalary iberilen baýramçylyk sowgatlaryny uly ruhubelentlik we çäksiz hoşallyk duýgusy bilen kabul etdiler. Olaryň köňül şatlygy çagalaryň ýerine ýetiren aýdymdyr sazlarynda we tanslarynda, goşgularynda hem aýdyň duýuldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo