Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda binýat bolan Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi» atly ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň agzalary gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşlar bar.
Mejlise gatnaşyjylar ilki Ruhyýet köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Giň möçberli gözden geçirilişde türkmen halkynyň taryhyna we şu günki ýeten derejesine, ösüşleriň belentliklerine tarap gadam urýan ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşine bagyşlanan gymmatlyklar görkezildi. Amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary sergä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Şunda bedew esbaplaryna, şaý-seplerine hem möhüm orun berildi.
Soňra «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi» atly ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň buýsanjy» atly täze goşgusynyň okalmagy dabara gatnaşyjylarda aýratyn hoşallyk duýgusyny döretdi. Köşgüň ajaýyp sahnasyndaky monitorda ýurdumyzda medeniýet ulgamynda ýetilen sepgitler, halkara hyzmatdaşlyk bilen bagly ähmiýetli wakalar şöhlelendirildi.
«Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Gahrymany Annajemal Nurmuhammedowanyň ýerine ýetiren joşgunly aýdymy dabara özboluşly bezeg berdi. Meşhur sungat ussady ýurdumyzda halkara gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigini, türkmen sungatyny we medeniýetini dünýä çykarmak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdy.
Mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew ýaşlaryň arasynda sungatyň heýkeltaraşlyk ugruna höwes bildirýänleriniň köpdügini nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlaryndan, atalyk maslahatlaryndan ruhlanyp, talyp ýaşlaryň saýlap alan hünäri boýunça belent derejelere ýetmegi ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli alada edilýändigine ünsi çekdi.
Soňra ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa söz berildi. Ol çykyşynda häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýtdy.
Bu ýerde kaşaň sahnada oturdylan monitorda ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerine, olaryň taryhyna, ýyndamlygyna, reňk aýratynlyklaryna bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlonyň aýdan sözleri, Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatynyň baş baýragyna mynasyp bolan atyň eýesi, fransiýaly atşynas Odri Martinesiň wideoýazgy arkaly eden çykyşy hem uly gyzyklanma bilen diňlenildi.
Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen halkara at çapyşyklaryna, onda ýurdumyzdan ýeňiji bolan çapyksuwarlara bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.
Soňra Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alena Grand, Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Wiktor Maýko, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow çykyş etdi.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzasy, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Lilianna Annaýewa öz çykyşynda bilim ojagynda atçylyk boýunça geçilýän sapaklary has çuňňur özleşdirmegiň meseleleri barada durup geçdi.
Soňra mejlise gatnaşyjylar «Arkadag» binasynyň çägindäki meýdança ýygnandylar. Bu ýerde Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk sport toplumynda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşikleriniň dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli dabaraly konsert guraldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maşgala agzalary bilen bilelikde konserte tomaşa etmäge gelmegi ajaýyp künjekde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli dabaralaryň derejesini has-da belende göterdi. Munuň özi ýurdumyzda peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowamata atarylýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi.
Döwlet Baştutanymyz çäreleriň guramaçylyk derejesine ýokary baha berip, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy ugrunda zerur tagallalary edýändiklerini belledi we olara alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra joşgunly konsert feýerwerkleriň ajaýyp öwüşgini bilen utgaşdy. Tyllaýy agşamda Arkadag şäheriniň asman giňişligini bezän bu şekiller çärä gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döretdi.
