Arkadag şäherine abraýly halkara sylagy gowşuryldy

MilliInfo

17 Oktýabr, 2025

Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I.Blinnikow adyndaky altyn medalynyň gowşurylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan bu şäheriň innowasion ösüş babatda gazananlarynyň nobatdaky ykrarnamasy boldy. Bu waka mynasybetli guralan dabara gatnaşmak üçin Aşgabatda geçirilen Ýewraziýa Patent Guramasynyň Dolandyryjy geňeşiniň 47-nji mejlisine gatnaşyjylar ýurdumyzyň «akylly» şäherine geldiler.

Dabara başlamazdan ozal, daşary ýurtly myhmanlara Arkadag şäheriniň gözelliklerini emele getirýän görnüşleri — tekiz we giň şaýollary, olaryň ugrunda bina edilen ajaýyp binalardyr desgalary synlamaga mümkinçilik döredildi.

Soňra çärä gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň häkimligine gelip, binanyň eýwanynda guralan sergini synladylar. Ol Arkadag şäheriniň ýaşaýyş-durmuş ulgamyna ornaşdyrylan sanly we innowasion tehnologiýalar barada giň düşünje almaga mümkinçilik berýär. Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Arkadag şäherine halkara derejeli täze sylagyň gowşurylmagynyň onuň haýran galdyryjy üstünlikleriniň nobatdaky ykrarnamasy bolup durýandygy nygtaldy. Bu ajaýyp waka mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna, «akylly» şäheriň ähli ýaşaýjylaryna tüýs ýürekden gutlag sözleri beýan edildi.

Dabarada çykyş eden Ýewraziýa patent edarasynyň ýolbaşçysy G.Iwliýew Türkmenistanda «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda amala aşyrylan we häzirki wagtda-da ikinji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýän bu giň gerimli taslamanyň dünýäde nusgalykdygyny belledi. Arkadag şäheriniň häzire çenli abraýly halkara baýraklaryň, güwänamalardyr şahadatnamalaryň onlarçasyna mynasyp bolmagy-da bu hakykaty aýdyň görkezýär.

Soňra dabaranyň esasy pursady gelip ýetdi: Ýewraziýa patent edarasynyň ýolbaşçysy G.Iwliýew Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I.Blinnikow adyndaky altyn medalyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Medaly Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow kabul etdi.

Bu altyn medal Ýewraziýa Patent Guramasynyň esaslandyryjysy hem-de onuň birinji prezidenti bolan Wiktor Iwanowiç Blinnikowyň hormatyna döredilip, ol oýlap tapyjylyk we patent işine goşan goşandy üçin berilýär.

Çykyş edenler «akylly» şäher bilen baglanyşykly patent işini kämilleşdirmek boýunça wezipeleriň netijeli çözülmeginiň gazanylan nobatdaky üstünlikde uly ornunyň bardygyna ünsi çekdiler. Bu ýerde görkezilen wideoşekiller bolsa Arkadag şäherinde durmuşa geçirilen innowasion taslamalar hem-de sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.

«Sag bol, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi oňa gatnaşyjylarda aýratyn ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo