Şu gün Arkadag» futbol kluby «AFK Çempionlar Ligasy-2» ýaryşynda «Al-Jazira» bilen duşuşar

MilliInfo

1 sagat öň

Şu gün Arkadag» futbol kluby «AFK Çempionlar Ligasy-2» ýaryşynda «Al-Jazira» bilen duşuşar

«Arkadag» futbol kluby «AFK Çempionlar Ligasy-2» ýaryşynyň 2026/27-nji möwsüminiň toparçalaýyn tapgyryndaky ikinji duşuşygyny geçirer. Şu gün, 14-nji oktýabrda Türkmenistanyň topary BAE-niň «Al-Jazira» klubyna garşy myhmançylygynda çykyş eder. Duşuşyk Abu-Dabi şäheriniň Muhammed ben Zaid adyndaky stadionynda geçiriler we Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar. Oýny «The AFC Hub» YouTube kanaly göni ýaýlymda görkezer.

Ýeri gelende bellesek, birinji tapgyrda «Arkadag» topary öz meýdançasynda Bahreýniň «Al-Muharrak» toparyny 1:0 hasaby bilen ýeňdi. Oýnuň ýeke-täk goluny 52-nji minutda merkezi goragçy Mekan Saparow geçirdi. «B» toparçanyň beýleki duşuşygynda «Al-Jazira» bilen Eýranyň «Gol Gohar» kluby deňme-deň (0:0) oýnady. Birinji tapgyrdan soň Wladimir Baýramowyň şägirtleri 3 utuk bilen toparçada öňdäki orny eýeleýärler. «Al-Jazira» bilen «Gol Goharyň» 1 utugy bar, «Al-Muharrak» bolsa utuk toplap bilmedi.

«Al-Jazira» BAE-niň çempionatynyň öňdebaryjy toparlarynyň biridir. Pro-liganyň 2026/27-nji möwsüminiň bäş tapgyryndan soň birinji orny eýeleýär: 4 ýeňiş, 1 deňlik, 13 utuk we gol görkezijisi 11:2. Klubyň esasy oýunçylarynyň arasynda braziliýaly Malkom we Taliska, albaniýaly Kristýan Aslani hem-de nigeriýaly Entoni Dennis bar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info