Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň 4-nji tapgyrynda «Arkadag» topary öz futbol meýdanynda «Şagadamy» kabul etdi.
Duşuşygyň birinji ýarymy Wladimir Baýramowyň şägirtleriniň doly artykmaçlygynda geçdi: eýýäm 4-nji minutda «Arkadag» klubunyň hüjümçisi Didar Durdyýew hasaby açdy. Birinji ýarymyň ahyryna golaý, oýnuň 38-nji minutynda bolsa Durdyýew dubl etmegiň hötdesinden geldi.
Emma «Şagadamyň» futbolçylary hasaby deňlemegi başardylar: Serdar Gulyýew 45-nji we 61-nji minutlarda 11 metrlik jerime urgularyny dürs ýerine ýetirdi.
Duşuşygyň ykbalyny çözen ýeňiş goluny bolsa 75-nji minutda «Arkadag» klubunyň oýunçysy Şamämmet Hydyrow öz adyna ýazdyrdy. Oýun 3:2 hasabynda tamamlandy.
Bu ýeňişden soň «Arkadag» topary geçiren dört oýnunda 12 utuk toplap, ýaryş tertibiniň başyna geçdi.