«Arkadag» futbol kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynda Bahreýniň «Al-Muharrak» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Arkadag şäheriniň 10 müň tomaşaça niýetlenen adybir stadionynda geçirildi.
Oýnuň ykbaly 52-nji minutdaky howply pursatda çözüldi: çep ganatda çykyş edýän goragçy Arzuwguly Sapargulyýewiň burçdan geçiren topuny merkezi goragçy Mekan Saparow derwezä gönükdirmegi başardy — 1:0.
«B» toparçanyň beýleki duşuşygynda Eýranyň «Gol Gohar» we BAE-niň «Al-Jazira» toparlarynyň oýny deňlikde tamamlandy — 0:0.
Bu üstünlikden soň türkmen topary 3 utuk bilen toparçada birinji basgançaga geçdi. BAE-niň we Eýranyň klublary 1 utukdan paýlaşdylar, Bahreýniň topary bolsa hiç bir utuksyz dörtlügi jemleýär.
Ikinji tapgyryň duşuşyklary 14-nji oktýabrda geçiriler. Şol gün «Arkadag» topary myhmançylykda «Al-Jazira» bilen duşuşar, «Al-Muharrak» bolsa öz meýdançasynda «Gol Gohar» toparyny kabul eder.
