AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 bäsleşiginiň 1/8 finalynyň çäginde «Arkadag» (Türkmenistan) hem-de «Al-Nassr» (Saud Arabystany) toparlarynyň Aşgabatda geçiriljek duşuşygynyň öňüsyrasynda Aziýa Futbol konfederasiýasynyň, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň, futbol klublarynyň, guramaçylyk komitetiniň we degişli jogapkär bölümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda ýygnak geçirildi.
«Ýyldyz» myhmanhanasynyň konferens zalynda geçirilen ýygnakda guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de toparlaryň meýdançada nähili reňkli köýnekçede oýnajakdygy kesgitlenildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň çempiony ýer eýesi hökmünde ak köýnekçede futbol meýdanyna çykar, «Al-Nassryň» oýunçylary bolsa sary köýneçede oýnarlar.
Duşuşygyň baş emini hökmünde 39 ýaşly bahreýnli emin Ammar Ibrahim Hasan Mahfud bellenildi. Oňa Mohamed Jaafar Mohamed Salman we Abdulla Saleh Abdulla Mohsen Alrowaýimi kömekleşer.
Ätiýaçlyk eminiň wezipesini Mohamed Haled Tarrar ýerine ýetirer. VAR emini hökmünde bolsa küweýtli Abdulla Al-Kandari çykyş eder.
Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» bilen «Al-Nassr» toparlarynyň arasyndaky 1/8 finalyň ilkinji duşuşygy şu gün — 11-nji fewralda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa stadionynda geçiriler we ýerli wagt bilen sagat 18:45-de başlanar. Jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Er-Riýad şäherinde geçiriler.