Arkadag şäheriniň «Arkadag» futbol kluby bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň Türkmenistanyň çempiony boldy.
«Arkadag» toparynyň bu arzyly ýeňşe 23-nji tapgyryň çäginde paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda «Ahal» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykanyndan soň eýe boldy. Topara ýeňiş getiren topy oýnuň 68-nji minutynda Didar Durdyýew geçirdi.
Şeýlelikde, «Arkadag» kluby «Altyn Asyr» bilen aratapawudy 26 utuga ýetirip, wagtyndan öň çempionlyga ýetdi.
2023-nji ýylda esaslandyrylan «Arkadag» futbol kluby özüniň ilkinji möwsüminde Türkmenstanyň çempiony bolmagy hem-de ýurduň Kubogyny eýelemegi başarypdy. Şonuň üçin hem, bu topar Aziýa yklymynyň klublarynyň arasydaky üçünji derejeli ýaryşa — AFK-nyň Çagyryş ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Geçen möwsüm bolsa ýurdumyzyň çäginde gazanan kuboklarynyň üstüni AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky gazanan ýeňşi bilen ýetirdi.
23-nji tapgyryň duşuşyklary:
«Ahal» – «Arkadag» – 0:1
Gol: 68 Didar Durdyýew («Arkadag»)
«Merw» – «Köpetdag» – 2:2
Gollar: 37 Kemal Annamuhammedow, 73 Mukam Nazzyýew («Merw») – 70 Daýanç Meredow, 90+1 Orazmuhammet Işangulyýew («Köpetdag»)
«Şagadam» – «Aşgabat» – 2:1
Gollar: 46 Mekan Aşyrow, 90+8 Ionel Kosofana («Şagadam») – 33 Pirmyrat Sultanow («Aşgabat»)

