Arkadag şäheriniň «Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda geçen oýunda «Ahaly» ýeňlişe sezewar etdi. Paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionynda guralan duşuşyk 3:0 hasabynda tamamlandy.
«Arkadag» toparynyň birinji goluny 14-nji minutda ýarymgoragçy Mirza Beknazarow geçirdi. Oýnuň ikinji ýarymynda hüjümçi Altymyrat Annadurdyýewyň dubly — 52-nji hem-de 63-nji minutlarda ýerine ýetiren dürs urgulary aratapawudy 3 gola ýetirdi.
Duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýlip «Arkadag» toparynyň oýunçysy Altymyrat Annadurdyýew saýlanyldy.
Şeýlelikde, 2023-nji ýylda döredilen «Arkadag» topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna ikinji gezek mynasyp boldy.
Ýeňijilere baýraklary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylar düzümi bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleri bilelikde gowşurdylar.

