Kriştianu Ronaldunyň Türkmenistana gelmegine garaşýarys: «Arkadag» topary «Al-Nassr» bilen duşuşar

MilliInfo

30 Dekabr, 2025

«Arkadag» topary AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň nobatdaky pleý-off tapgyrynda Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän kluby — «Al-Nassr» bilen duşuşar. Türkmen toparynyň nobatdaky garşydaşy şu gün — 30-njy dekabrda Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişligiň esasynda kesgitlenildi.

Şeýlelikde, indi dünýä futbolunyň rowaýata öwrülen ýyldyzy Kriştianu Ronaldunyň Türkmenistanyň futbol meýdançasynda çykyş etmek ähtimallygy has-da artdy. Onuň türkmen topragynda ýaşyl meýdana çykmagy türkmenistanly janköýerler üçin hakyky futbol baýramçylygyny döreder.

Biz 1/16 1 tapgyryna degişli bolan duşuşyklaryň geçiriljek senelerini hem ýakyn wagtda habar bereris.

Arkadag şäheriniň adybir toparyna bu duşuşykda hem ýeňşiň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Bijeleriň netijeleri bilen ýokarda ýerleşdirilen suratlar arkaly tanşyp bilersiňiz.

Bijeleriň netijeleri bilen ýokarda ýerleşdirilen suratlar arkaly tanşyp bilersiňiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info