«Arkadag» topary öňdeligi elden bermeýär: Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 3-nji tapgyry

MilliInfo

2 sagat öň

18-nji aprelde Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 3-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Myhmançylykda «Altyn Asyryň» garşysyna çykan «Arkadag» topary 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Munuň özi Arkadag şäheriniň futbol klubunyň mümkin bolan  utuklaryň hiç birini elden bermändigini görkezýär. Şeýlelikde, 9 utuk toplan «Arkadag» ýaryş tertibiniň birinji basgançagynda ýerleşdi. Üçünji tapgyrda «Köpetdagy» 2:0 hasabynda ýeňen «Şagadam» hem utuklaryň hiç birini ýitirmedi. Emma gol aratapawudy onuň ikinji orna düşmegine getirdi.

 3-nji tapgyryň duşuşyklary:

  •  «Ahal» – «Merw» – 2:2

 Gollar: 27 Süleýman Mirzoýew, 63 Magtymberdi Berenow («Ahal») – 9, 90+3 Mekan Ýazmyradow («Merw»)

 

  •  «Altyn Asyr» – «Arkadag» – 0:1

Gol: 9 Begenç Akmämmedow («Arkadag»)

 

  •  «Şagadam» – «Köpetdag» – 2:0

Gollar: 90 Arslan Urazow, 90+6 Yhlas Magtymow («Şagadam»)

 

  •  «Nebitçi» – «Aşgabat» – 1:0

Gol: 35 Begenç Mämiýew («Nebitçi»)

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info