«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempionlyk derejesini möhletinden öň kepillendirip, bassyr dördünji möwsümde altyn medala eýe boldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berdi.
Topara çempionatdaky ýeňşini soňky iki şowly duşuşyk getirdi. Ilki bilen, «Arkadag» 23-nji tapgyryň yza süýşürilen oýnunda öz meýdanynda «Ahaly» 4:0 hasabynda ynamly ýeňdi. Soňra bolsa Arkadag şäheriniň topary myhmançylykda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» 3:0 hasabynda utmagy başardy.
Şol netijeleriň esasynda häzirki çempionyň hasabynda 23 duşuşykdan soň 69 utuk toplandy. «Ahal» 21 oýunda toplan 42 utugy bilen ikinji orny eýeleýär, «Altyn Asyr» bolsa 19 duşuşykdan soň 41 utuk bilen üçünji basgançakda ýerleşýär.
Häzirki çempionata 8 topar gatnaşýar, olar 4 aýlawyň dowamynda bäsleşip, her topar jemi 28 duşuşyk geçirmelidir. Möwsümiň tamamlanmagyna ýene bäş tapgyryň galandygyna garamazdan, altyn medalyň eýesi eýýäm belli boldy.
Ýatladyp geçsek, «Arkadag» futbol topary 2023-nji ýylda döredildi. Topar «AFK-nyň Çempionlar ligasy-2» ýaryşynyň täze möwsümine hem ýeňiş bilen başlady.
