Antalýada geçirilen üç hepdelik güýçlendirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndan soň, «Arkadag» toparynyň futbolçylary AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň taryhy oýunyň öňüsyrasyndaky taýýarlygyň jemleýji tapgyryny geçirmek üçin Watanymyza dolanyp geldiler. Bu barada THP habar berýär.
Türkiýedäki taýýarlyk tapgyryny 2-nji fewralda tamamlan topar uzak arakesme almady. «Arkadag» futbol kluby Watanymyza dolanyp geleninden soň ilkinji türgenleşigini Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçirdi. 11-nji fewralda hut şu futbol meýdanynda Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparyna garşy jogapkärli duşuşyk bolar.
Ilkinji türgenleşik dikeldiş häsiýetinde geçdi. Tälimçiler düzümi esasy ünsi taktika gönükdirdi.
Ýatladyp geçsek, häzirki wagtda paýtagtymyzda ýurdumyzyň sport taryhyndaky iň möhüm wakalaryň birine — AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 final duşuşygyna ýokary taýýarlyk görülýär. Olimpiýa stadiony 45 000 janköýeriň ajaýyp duşuşyga tomaşa etmegine şert döreder. Muşdaklaryň gyzgyn goldawy toparymyz üçin «on ikinji oýunçy» hökmünde uly ruhy güýç bolar.