AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäginde paýtagtymyzda geçiriljek «Arkadag» we «Al-Nassr» futbol toparlarynyň duşuşygynda dünýä futbolynyň iň döwrebap gazananlarynyň biri bolan VAR (Video Assistant Referee) ulgamyndan peýdalanylar. Bu barada Aşgabat şäheriniň häkimliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Nobatdaky duşuşykda VAR ulgamynyň işe girizilmegi oýnuň ýokary derejede hem-de halkara talaplara laýyklykda geçirilmegini üpjün eder.
Sanly tehnologiýalaryň futbola ornaşdyrylmagy netijesinde döredilen VAR ulgamy oýnuň takyk we adalatly alnyp barylmagyna ýardam edýär. Ol emine wirtual kömekçi bolup, kabul edilýän kararlaryň anyk we dogry bolmagyny üpjün edýär.
«Arkadag» hem-de «Al-Nassr» toparlarynyň arasyndaky duşuşykda VAR ulgamynyň ulanylmagy bu oýnuň şowhunly, dartgynly we ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigini görkezýär. Janköýerler bolsa agzybirlikde türkmen toparyna ruhy goldaw bererler.
«Arkadag» futbol toparyna üstünlik hemra bolsun!