Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

MilliInfo

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherinde bolup, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

...Ir bilen Gahryman Arkadagymyz häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine barýan ýoluň ugrundaky aýlawly çatrykda ýerleşýän «Polatly» binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwrebaplaşdyrylýan «Ahalteke atlary» şaýolunyň ugrunda degişli işler ýaýbaňlandyryldy. Bu künjekden «akylly» şäher seleňläp görünýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde «Ahalteke atlary» şaýoluny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly ýerine ýetirilýän işler barada giňişleýin maglumat berdi.

Milli Liderimiz ýoluň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň hiline we berkligine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýoluň her bir gatlagynyň gurluşygy, onuň düşekleriniň galyňlyk ölçegi häzirki zaman talaplaryna, dünýäniň ösen tejribesine laýyk gelmelidir. Munuň özi ýoluň tekizligini, sürüjiler üçin rahatlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, onuň uzak möhletleýinligini hem şertlendirer.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýol ýakasyndaky germewleriň sazlaşygynda döwrüň binagärlik usullarynyň netijeli ulanylmalydygyny, bu ugurdaky işlerde halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Hormatly Arkadagymyz aýlawly ýoluň merkezinde oturdylan Polatly atly bedewiň we onuň çäklerinde ýerleşdirilen ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň reňk sazlaşygyna ösen tejribeler esasynda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Bu işler Diýarymyzda Polatly, Akhan ýaly ady rowaýata öwrülen şöhratly bedewlere goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrülmelidir.

Soňra Gahryman Arkadagymyz täze şäherde sogap işleriň amal ediljek ýerine öwrüljek metjidiň gurluşygynyň dowam edýän ýerine gelip, alnyp barylýan işleri synlady. Milli Liderimiz bu ýeriň bezeg serişdeleriniň onuň çägindäki bar bolan desgalar bilen sazlaşmalydygyny, şunda awtoduralganyň gurluşygyna zerur üns berilmelidigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde bu ýere geljek adamlaryň degişli dessurlary doly derejede berjaý edip bilmekleri üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Şunda milli binagärlik ýörelgelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Hormatly Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň dolandyryş binasynyň görnüşleri, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we beýleki durmuş maksatly desgalaryň görnüşleri barada maglumat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň her biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydyr. Şunda döwrebaplyk we oňaýlylyk reňkleriň sazlaşygy bilen utgaşmalydyr. Bu işlerde milli tejribä daýanylmalydyr.

Milli Liderimiz, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ähli ugurlarda bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygynda-da sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmalydygyny, bu ugra degişli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna zerur üns berilmelidigini nygtap, ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan maglumat tehnologiýalary (IT) boýunça hünärmenleriň sanyny artdyrmak boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan medeni-dynç alyş seýilgähiniň çägine gelip, teklip edilýän desgalaryň gurluşygynda bolşy ýaly, olaryň bezeg işlerine, oturdyljak şekilleriň göze gelüwli bolmagyna hem üns bermelidigini aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň ekologik ýagdaýynyň ýokary derejede saklanmagynda täze seýilgähe möhüm ornuň degişli boljakdygyny belläp, durmuş maksatly desgalaryň Arkadag şäheriniň gözelligi bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigine ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak we desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo