Şu agşam — 6-njy maýa geçilýän gije London şäherinde UEFA Çempionlar ligasynyň birinji finalçysy kesgitlenýär. «Arsenal» Madridiň «Atletikosyny» kabul edýär.
Toparlaryň birinji oýny geçen hepde bolup, duşuşyk deňlikde tamamlanypdy — 1:1.
Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanjak duşuşygyň «Türkmenistan. Sport» teleýaýlymynda göni efirde görkezilmegine garaşylýar. Mundan başga-da «Varzish» ýaýlymynda janköýerlere hödürlener.