«Artyk» hem-de «Sarahs awtoýollary» gümrük nokatlarynyň durky täzelenilýär

MilliInfo

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy serhetýaka gümrük nokatlarynyň ulag geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak we gümrük hyzmatlarynyň hilini kämilleşdirmek boýunça tapgyrlaýyn esasda netijeli işleri amala aşyrýar. Bu işleriň nobatdaky tapgyrynda türkmen-eýran serhedinde ýerleşýän «Artyk» hem-de «Sarahs awtoýollary» gümrük nokatlarynyň durkuny täzelemek boýunça gurluşyk işleri başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Gurluşyk işleri «Ojar Aziýa» hususy kärhanasy tarapyndan  2025-2026-nji ýyllar aralygynda ýerine ýetiriler. Gurluşyk işleriniň barşynda gümrük nokadynyň çäginde öňki hereket edýän binalaryň durkuny düýpli täzelemek bilen bir hatarda, esasan, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmak hem-de gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

 Bu işleriň netijesinde halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň gümrük nokatlaryň çäklerinde gümrük gözegçiligi üçin sarp edilýän wagty has-da azalmagy, üstaşyr geçirilýän ýükleriň bolsa artmagy üçin şertler dörediler. Şeýlelikde, gümrük nokatlaryň ulag geçirijilik kuwwaty has-da ýokarylandyrylar.

Türkmen-eýran serhedinde ýerleşýän «Artyk» hem-de «Sarahs awtoýollary» gümrük nokatlary ýurdumyzyň daşary söwdasy üçin haryt dolanyşygynda hem-de üstaşyr ýükleriň geçirilmeginde ähmiýeti uly gümrük nokatlary bolup durýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo