«Arzuwdan niýete, niýetden hakykata»: Aşgabatda nakgaşçylyk işleriniň sergisi açylýar

MilliInfo

9 Iyul, 2026

«Arzuwdan niýete, niýetden hakykata»: Aşgabatda nakgaşçylyk işleriniň sergisi açylýar

 Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi watandaşlarymyzy «Arzuwdan niýete, niýetden hakykata» atly döredijilik sergisine çagyrýar.

Täsirli sergi şu gün — 9-njy iýulda sagat 18:00-da açylýar. Ol 30-njy iýula çenli dowam eder.

Ajaýyň sergi Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň binasynda (Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly, 10-njy jaý) geçirilýär.

Sergi häzirki zaman türkmen şekillendiriş sungatyndaky milli äheňleriň nepisligini we özboluşlylygyny görkezer.

Isleg bildirýänleriň ählisi üçin giriş mugtdyr.

Goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: 92-35-43, 94-03-27.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info