Paýtagtymyza «Yutong» kysymly täze awtobuslaryň 700-si gelip gowuşdy. Uzynlygy 12 metr bolan ýolagçy awtobusy üç gapyly hem-de sowadyjyly görnüşdedir. Ýakyn günlerde paýtagtymyzda ýolagçylara hyzmat edip ugrajak awtobuslar ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna mynasyp sowgat boldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde aýdylşy ýaly, bu ýolagçy ulaglar kämil mümkinçiliklere eýelik edýär. Awtobusda ulaga münýän we ondan düşýän ýolagçylaryň hasabyny ýöredýän abzallar ýerleşdirilipdir. JPS we wideogözegçilik arkaly awtobusyň hereketini amatly şertlerde göz astynda saklamaga mümkinçilik döredýän häzirki zaman intellektual ulgamy bolsa munuň üstüni ýetirýär.
Täze awtobuslaryň hereketlendirijisi ekologik häsiýetli «Euro 5» ölçeglerine laýyk gelýär. Olarda ulag hyzmaty üçin töleg geçirilişi sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar.
Döwrebap awtobuslarda ses we şekil ulgamyna degişli enjamlar, mümkinçiligi çäkli ýolagçylar üçin enjam hem-de ýol ugrunda haýsy duralgalara gelnendigini habar berýän enjam hem ornaşdyrylypdyr.