Siziň «D» derejeli sürüjilik şahadatnamaňyz barmy? Zähmet ýoluňyzy ýük awtoulaglaryny dolandyrmak bilen baglamak isleýäňizmi? Onda bu habary üns bilen okamagy maslahat berýäris.
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabat awtoulag kärhanasy «KAMAZ-6520» ýük awtoulaglarynyň sürüjilerini işe çagyrýar. Bu barada kärhananyň resmi saýtynda habar berildi.
Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda bu ýerde sürüjileriň ygtyýaryna iň täze kysymly awtoulaglar berilýär.
Gyzyklanma bildirýän raýatlaryň «D» topara degişli sürüjilik şahadatnamasy bolmaly. Şunda Türkmenistanyň ähli welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň kabul edilýändigi habar berilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 76-06-19, 76-02-56.