Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi dalaşgärlere garaşýar

MilliInfo

12 Awgust, 2025

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi 2025-2026-njy okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär. Resmi iş kagyzlaryny kabul etmek 18-nji awgusta çenli dowam eder.

Orta hünär okuw mekdebinde huhgalterçilik hasaba alnyşy, maliýe we karz, ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş, salgytlar we salgyt salmak, ykdysadyýet we hojalyk hukugy hem-de ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary ýaly hünärler hereket edýär.

Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti: 2 ýyl.

Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda  alnyp barylýar.

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., (1987) Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo