Aşgabat şäherinde raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär

MilliInfo

5 Ýanwar, 2026

10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Kabul edişlikde Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalaryndan özüňizi gyzyklandyrýan meseleler boýunça maslahatlary alyp bilersiňiz.

Çäre Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda — Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-19-20; 39-19-21.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info