«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 1-nji martdan başlap, Aşgabat – Ýolöten ugry boýunça gündelik awtobus gatnawy ýola goýýar.
Awtobus her gün sagat 13:00-da Aşgabadyň Atamyrat Nyýazow şaýolundaky «Awtokombinat» belleniş nokadyndan, sagat 09:00-da bolsa Ýolöten etrabyndan ugraýar.
Munuň özi Türkmenistanda jemgyýetçilik ulaglaryň hyzmatlarynyň has-da kämilleşdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Gatnaw boýunça goşmaça maglumat üçin görkezilen telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: +99361-49-34-95 we 44-35-20