Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky orta umumybilim berýän orta mekdebiň goşmaça binasyny gurmak barada ylalaşdylar. Bu ylalaşyk türkmen paýtagtynda geçen Hökümetara türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlyk toparynyň nobatdaky mejlisiniň çäginde gazanyldy.
Russiýanyň wise-premýeri Marat Husnullin bu taslamanyň iki ýurt üçin ähmiýetini nygtap, ony durmuşa geçirmegiň anyk möhletini mälim etdi.
«Biz A.S.Puşkin adyndaky mekdebi mundan beýläk hem ösdürmek boýunça ylalaşdyk. Ýakyn wagtda gurluşyga başlarys we eýýäm 2027-nji ýylda goşmaça binany işe girizmelidiris. Elbetde, bu ugry geljekde hem dowam etdireris, çünki munuň özi biziň üçin örän möhümdir» – diýip, Husnullin belledi.
A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän türkmen-rus orta mekdebiniň goşmaça binasynyň gurulmagy ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar

