Aşgabatda ABŞ-nyň diplomatik wekilhanasy bilen bilelikdäki kitap ýarmarkasy geçiriler

MilliInfo

19 Iyul, 2025

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 24-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň meýdançasynda bilelikdäki amerikan-türkmen kitap ýarmarkasynyň geçirilýändigini yglan etdi. Çäre şol gün 11:00-da açylar we amerikan hem-de türkmen edebiýatyny şöhlelendirýän köpugurly kitap ekspozisiýasyny özünde jemlär.  

Ýarmarkanyň çäklerinde iňlis dilinden «Spelling Bee» dürs ýazuwy hem-de ABŞ-nyň ilçihanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda edebiýatlary okamak bäsleşikleri, ähli ýaşdaky gatnaşyjylar üçin döredijilik burçy ýaly interaktiw çäreleri ýaýbaňlandyrmak meýilleşdirýär. Bu çäre ýurtlaryň arasynda medeni alyş-çalşygy täze derejä çykarmaga, okamaga bolan gyzyklanmany ösdürmäge we jemgyýeti iňlis dilini öwrenmäge höweslendirmäge gönükdirilendir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo