Aşgabatda AFK-nyň Zenanlar futbol güni bellenildi

MilliInfo

2 sagat öň

Paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň futbol meýdanynda «AFC Women’s Football Day 2026» — AFK-nyň Zenanlar futbol güni bellenildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda geçirilen çäräniň baş maksady ýurdumyzda zenanlaryň futbola bolan gyzyklanmasyny artdyrmakdan hem-de ýaş gyzjagazlary sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga höweslendirmekden ybarat boldy.

Futbol çäresine Türkmenistanyň zenanlar milli ýygyndysynyň oýunçylary hem-de ýaş futbolçylar gatnaşdylar. Baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde dürli sport bäsleşikleri guralyp, gyzlar üçin ýörite futbol festiwaly geçirildi. Oňa gatnaşan gyzjagazlar dürli ugurlar boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler.

Festiwala gatnaşmak isleýänleriň hemmesine mümkinçilik döredilmegi onuň gerimini has-da giňeltdi. Baýramçylyk ruhunda geçirilen futbol festiwalyna futbola höwes bildirýän 250 töweregi gyzjagazyň gatnaşandygyny aýratyn bellemek gerek.

Futbol festiwalynyň ahyrynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň Futbol federasiýasy, TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi tarapyndan taýýarlanan ýörite sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýrak gowşurylyş dabarasy Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylar düzüminiň gatnaşmagynda geçirildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info