Paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli konsert guraldy

MilliInfo

29 Oktýabr, 2025

Düýn — 28-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlandy. BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan guralan konserte Hökümet agzalary, ýurdumyzyň bu gurama bilen hyzmatdaşlyk alyp barýan ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda dünýäniň ähli garaşsyz ýurtlaryny birleşdirýän abraýly halkara düzüm bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy güýje girdi. Şol döwürden bäri bu sene BMG-niň döredilen güni hökmünde baýram edilýär. Bu ýerde çykyş edenler halkara jemgyýetçiligiň şu ýyl iki şanly senäni — BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyny we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny baýram edýändigini aýdyp, şu mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi üçünji gezek ykrar edildi.

Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetiren çykyşlarynda milli we döwrebap äheňdäki aýdym-saz eserlerine giň orun berildi. Ussat artistlerdir sazandalaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezen hoş owazlar tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Konsert maksatnamasyna girizilen çykyşlaryň arasynda dünýäniň meşhur nusgawy eserleriniň hem bolmagy aýratyn bellärliklidir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo