Aşgabatda BMG-niň «Biz dürli, emma deň» atly festiwaly geçirildi

MilliInfo

14 sagat öň

15-nji noýabrda paýtagtymyzyň gözel ýerleriniň birinde ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähinde «Biz dürli, emma deň» atly inklýuziw festiwal geçirildi. Soňky dört ýyl bäri yzygiderli geçirilýän bu çäre Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Hökümetiniň goldawy we ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň ýardamy bilen guraldy.

Festiwal Bütindünýä maýyplar gününe bagyşlanyp, amatly gurşawyň döredilmeginiň mümkinçiligi çäkli bolan adamlaryň jemgyýetçilik durmuşyna doly gatnaşmagyny üpjün edýändigini görkezmegi maksat edinýär.

Seýilgähiň çägi sport, güýmenje, maglumat we bilim, aýdym-saz hem döredijilik ugurlaryndan birnäçe tematiki meýdançalara bölünip, diwarlyklardaky mümkinçiligi çäkli bolan adamlar tarapyndan döredilen çeper suratlar, ýumşak oýnawaçlar, senetçilik önümleri çärä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Tennis, aň-paýhas oýny hasaplanýan küşt boýunça geçirilen bäsleşikler örän gyzykly boldy. Mundan başga-da, çärä gatnaşanlar özleriniň aýdym we tans boýunça çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Festiwalyň çäginde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy özüniň daşky gurşawy goramaga, oňa aýawly çemeleşmäge gönükdirilen diwarlygyny ýaýbaňlandyrdy. Guramanyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan zehini kämilleşdirmäge, tutanýerliligi, üşükliligi döretmäge gönükdirilen oýunlar festiwalyň gyzykly pursatlaryny döretdi. Şu ýerde oýunlar üçin ähli esbaplaryň gaýtadan işlenen materiallardan taýýarlanandygyny aýratyn bellemek gerek. Munuň maksady tebigata jogapkärli garaýşy wagyz etmekden ybarat bolup durýar. 

Festiwala işjeň gatnaşan raýatlarymyza guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bu çäre adamlar, olaryň bagtyýar durmuşy hakyndaky aladanyň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň ýene bir subutnamasyna öwrülip, oňa gatnaşanlarda ýakymly ýatlamalary döretdi. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo