Aşgabatda Bütindünýä ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan çäreler geçirildi

MilliInfo

1 sagat öň

Aşgabatda Bütindünýä ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan çäreler geçirildi

16-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Bütindünýä ozon gatlagyny goramak gününi baýram etmegiň çäklerinde mekdep okuwçylary üçin ýaş nesliň ekologik sowatlylygyny ýokarlandyrmaga we daşky gurşawa aýawly garamak endiklerini kemala getirmäge gönükdirilen maglumat beriş aň-bilim çäreleri guraldy. Çäreler «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi tarapyndan guraldy.

Çäreleriň dowamynda ozon gatlagyny gorap saklamak meselelerine, onuň Ýerdäki durmuşy zyýanly ultramelewşe şöhlelerinden goramakdaky ornuna, şeýle hem gündelik durmuşda ekologik taýdan jogapkärli hereket etmegiň möhümdigine uly ähmiýet berildi. Gatnaşyjylar on adamdan ybarat toparlara bölünip, öz toparlarynyň atlaryny, şygarlaryny we topar ýolbaşçylaryny (kapitanlaryny) tanyşdyrdylar, soňra bolsa birnäçe gyzykly we öwrediji tapgyrlara gatnaşdylar.

Birinji tapgyr «Sowal — jogap» boldy. Mekdep okuwçylary ozon gatlagynyň ähmiýeti, onuň zaýalanmagynyň sebäpleri, gatlagy dargadyjy maddalar we degişli hladagentleriň ulanylyp bilinjek öý hojalyk tehnikalary baradaky bilimlerini görkezdiler. Bäsleşik formaty diňe bir okuwçylaryň bilimlerini barlamaga däl, eýsem, ekologik mowzuklary öwrenmegi has-da gyzyklandyrmaga hem mümkinçilik berdi.

«Eko-logistika» oýunlarynyň ikinji tapgyrynda gatnaşyjylara gündelik durmuşda ulanylýan haýsy harytlaryň we adaty zatlaryň daşky gurşawa ýaramaz täsir edip biljekdigini kesgitlemek hem-de olar üçin ekologik taýdan has amatly ýollary (alternatiwalary) saýlamak teklip edildi. Okuwçylar öz çözgütlerini ara alyp maslahatlaşdylar we haýsydyr bir nusganyň näme sebäpden daşky gurşaw üçin has howpsuzdygyny düşündirdiler.

Üçünji tapgyr «Kapitanlaryň bäsleşigi» boldy. Toparlaryň kapitanlaryna ekologik ýagdaýlar berildi we olar çäkli wagtyň içinde ilata, ýaşlara ýa-da kärhanalaryň wekillerine gönükdirilen ýüzlenmeleri taýýarladylar. Baha berlende çykyşyň ynandyryjylygy, duýgy taýdan täsirliligi we hödürlenen ekologik maglumatlaryň dogrulygy göz öňünde tutuldy.

Çäräniň dowamynda ozon gatlagynyň zaýalanmagy we ultramelewşe şöhleleriniň täsiri barada görkezme esbaplary hem hödürlendi. Interaktiw format mekdep okuwçylaryny ekologik meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga çekmäge we daşky gurşawy goramaga goşant goşmagyň her bir adamyň ýönekeý hem-de aňly-düşünjeli çözgütlerinden başlanyp biljekdigini görkezmäge mümkinçilik berdi.

Şeýle çäreleriň geçirilmegi ýaşlaryň arasynda ekologik pikirlenmäni ösdürmäge, ählumumy ekologiýa meseleleri barada habarlylygy ýokarlandyrmaga hem-de ozon gatlagyny goramak boýunça halkara we milli tagallalaryň möhümdigine düşünmäge ýardam edýär.

Bütindünýä ozon gatlagyny goramak güni oňaýly daşky gurşawy gorap saklamagyň we planetamyzy goramagyň döwletiň, halkara bileleşigiň hem-de her bir adamyň bilelikdäki tagallalaryny talap edýändigini ýene bir gezek ýatladýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info