Aşgabatda «C» derejeli tälimçileri taýýarlaýan okuw sapaklaryna badalga berildi

MilliInfo

29 Iyul, 2025

Aşgabatda «C» derejeli tälimçileri taýýarlaýan okuw sapaklaryna badalga berildi

Paýtagtymyzdaky «Köpetdag» stadionynda «C» derejeli tälimçileri taýýarlaýan okuw sapaklary badalga aldy.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan 6 – 12 ýaşly çagalary türgenleşdirmäge ygtyýar berýän «C» derejesini gazanmak ugrundaky dalaşgär tälimçileriň okuw sapaklary 2 tapgyrdan ybarat bolar. Her biri 5 gün dowam edýän okuwyň 2-nji tapgyry 26-njy awgustda başlanar. Türkmenistandan 4 instruktoryň sapak berýän bu okuwy 30-njy awgustda tälimçileriň synagy bilen tamamlanar. Synaglardan üstünlikli geçen tälimçilere çagalary türgenleşdirmäge hukuk berýän ygtyýarnama gowşurylar.

Ýokary derejede dowam edýän bu okuw sapaklaryna FIFA-nyň tehniki ekspertleri Swetlana Kaşuba hem-de Röwşen Meredow gözegçilik edýär.

Bu okuwyň çäginde «C» derejeli tälimçileri taýýarlaýan instruktorlaryň hem dördüsi bolup, olar okuwyň ahyrynda FIFA-nyň tehniki ekspertleri tarapyndan bahalandyrylar. Ýokary baha mynasyp görlen instruktorlar 2025-nji ýylyň sentýabrynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriljek FIFA-nyň instruktorlarynyň synagyna gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info