Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistan dünýäniň meşhur aýdymçylaryny kabul eder. Olar ýatdan çykmajak konsertleri bilen türkmen sahnasyny bezärler. Konsertler paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar soprt toplumynda guralar.
Onda konsertleriň geçjek wagtyny belläp geçeliň:
27-nji dekabrda meşhur ýyldyz Araşyň konserti geçiriler.

«MOT» lakamy bilen tanalýan Matweý Melnikowyň konserti 28-nji dekabrda geçer.

«Semicenk» ady bilen meşhur bolan Çenk Başyň konserti bolsa 29-njy dekabrda bolar.

Konsertleriň ählisi 18:00-da başlanar.
Petekler ýakyn wagtda Gyşky oýunlar sport toplumynyň kassalarynda elýeterli bolar.
Täze ýyly hakyky baýramçylyk äheňinde garşylamaga taýýar boluň!