23 — 25-nji iýul aralygynda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda ýurdumyzyň Ýokary liga futbol klublarynyň arasynda geçiriljek duşuşuklarda eminlik etjek eminleriň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Jemi 43 sany eminiň gatnaşmagynda guralýan okuw-maslahatynyň ilkinji gününiň birinji ýarymynda eminler özleriniň fiziki taýýarlygy boýunça 3 tapgyrdan ybarat bolan synagdan geçdiler. Eminler gysga we uzak aralyga, öňe, yza hem-de gapdallygyna ylgamak, ýöremek ýaly çeýeligi talap edýän birnäçe kyn synaglardan geçmegi başardylar.
Baş eminleriň 14-sini, kömekçi eminleriň bolsa 29-syny bir ýere jemlän okuw-maslahaty günüň ikinji ýarymynda «Aşgabat» köpugurly stadionynyň mejlisler zalynda TFF-niň başlygynyň orunbasary Nazar Çöliýewiň çykyşy bilen başlandy. Okuw maslahatynyň esasy maksady eminleriň dowam edýän futbol çempionatymyzyň nobatdaky oýunlarynda özleriniň meýdanda we okuw-maslahatynda alan baý tejribelerini iş ýüzünde amala aşyryp, futbol duşuşyklarynda dogry netijäni çykarmagyna gönükdirildi.
Maslahat TFF-niň Eminler bölüminiň başlygy, halkara derejeli emin Çarymyrat Gurbanowyň çykyşy bilen dowam etdi. Ýurdumyzyň ýaşlar (U20) ýygyndysynyň baş tälimçisi Döwlet Annaýewiň futbolda toparlaryň hem-de eminleriň taktiki taýýarlygy baradaky çykyşy maslahata gatnaşanlarda has-da uly täsir galdyrdy.
«Oýundan öňinçä eminler nämelerden habarly bolmaly?», «Kyn pursatlarda meýdançada nädip dogry netije çykarmaly?» ýaly ençeme kyn sowallaryň birnäçe çözgüdini orta atan we pikir alyşmalara baý bolan maslahat ertir tamamlanar.