Paýtagtymyzdaky Rus öýünde her ýylyň 20-nji iýulynda bellenilýän Halkara küşt güni mynasybetli täsirli kämilleşdiriş çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy bilen bilelikde guralan intellektual baýramçylyk ýaryşy 7 we şondan uly ýaşly küşt höwesjeňlerini jemledi.
Çäräniň iň esasy wakalarynyň biri Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary, Türkmenistanyň erkekler milli ýygyndysynyň baş tälimçisi we FIDE ussady Mergen Kakabaýew tarapyndan 40 tagtada bir wagtyň özünde geçirilen duşuşyk boldy. Şunlukda, çärä gatnaşyjylara ussat tälimçi bilen şahsy ýagdaýda bäsleşmäge mümkinçilik döredildi.
Bu ýerde «30 minutda küşt oýnamagy öwreniň» atly sapak guralyp, munuň özi küşt bilen täze meşgullanyp başlanlar üçin has-da täsirli boldy. «Küşt oýnunyň syrlary» atly ussatlyk sapagynda bolsa tejribeli tälimçiden peýdaly usullar, ýörelgeler we strategiýalar hödürlenildi.
Ajaýyp çäräniň barşynda küştüň pikirlenmäni, ukyby hem-de ynamy ösdürmekdäki ähmiýeti baradaky maslahatlar berildi.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan Halkara küşt güni mynasybetli her ýyllyk asylly däbe öwrülen şeýle çäre bassyr ikinji gezek Rus öýünde geçirýär.
Halkara küşt güni 1966-njy ýyldan bäri bellenilip geçilýär.