Aşgabatda Halkara tennis federasiýasynyň Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen bilelikdäki ITF-niň tälimçiliginiň ikinji derejesine eýe bolmak üçin sebitleýin okuw maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Şeýle karara ýakynda iki federasiýanyň ýolbaşçylarynyň London şäherinde geçirilen duşuşygynda gelindi.
Golaýda Beýik Britaniýanyň paýtagtynda meşhur Uimbldon ýaryşy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň wekilleri hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar. Ýaryşyň dowamynda milli federasiýamyzyň başlygy, Aziýanyň Tennis federasiýasynyň wise-prezidenti Eziz Döwletow Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti Dewid Haggerti bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň 4 — 15-nji awgusty aralygynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda geçiriljek sebitleýin okuw maslahatynyň ähmiýetine üns çekildi. Bellenilişi ýaly, bu okuwda türkmenistanly tälimçileriň 12-si ITF-niň halkara derejeli hünärmenlerinden nazary we amaly sapaklary alar.
Häzirki wagtda TTF bilen ITF-niň arasynda özara hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnamanyň täze nusgasy taýýarlanylýar. Resminama dünýäniň milli federasiýalarynyň 213-sini özünde birleşdirýän halkara federasiýa bilen ýurdumyzyň arasyndaky sport hyzmatdaşlygynyň taryhynda täze sahypalary açar.