Aşgabatda Hytaýyň döredilmeginiň 76 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik guraldy

MilliInfo

25-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Szi Şumin HHR-iň esaslandyrylmagynyň 76 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik gurady. Oňa Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik gulluklaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, işewürlik ulgamynyň agzalary, jemgyýetçilik işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen paýtagtynda geçirilen dabarada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi. Ol türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Hytaýyň milli gymmatlyklarynyň görkezilmegi dabaranyň myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsirleri döretdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo