Aşgabatda «Bilelik Hub» atly täze kreatiw merkezi açylyşa taýýarlanýar — bu telekeçileri, hünärmenleri, talyplary, döredijilik bilen meşgullanýan ynsanlary hem-de ösüşe, täze bilimlere we mümkinçiliklere ymtylýanlaryň ählisini birleşdirýän giňişlikdir.
Taslamany esaslandyryjylar «Bilelik Hubyň» esasy maksadynyň diňe bir iş orunlaryny kärendesine bermekden däl-de, eýsem, pikirdeşleriň güýçli jemgyýetini emele getirmekden ybaratdygyny nygtaýarlar. Topar bu haba Türkmenistanyň we sebitiň ösüp gelýän startap-ekoulgamynyň möhüm bölegine öwrülip biljek ösüş, goldaw we hyzmatdaşlyk merkezi hökmünde garaýar.
«Bu ýöne bir giňişlik däl — ol ideýalaryň adamlary, ynsanlaryň bolsa täze mümkinçilikleri tapýan jemgyýetidir» — diýip, taslamanyň wekilleri belleýärler.
Bir giňişlikde netijeli işlemek, okamak, döretmek we islendik formatdaky çäreleri geçirmek üçin ähli zerur şertler jemlenipdir. Gelýänler üçin networking we bilelikde işlemek üçin açyk iş zolagy bolan «Open Space», ünsüňi jemläp işlemek üçin hususy «Focus Rooms» otaglary, dürli görnüşli duşuşyklar we gepleşikler üçin otaglar, şeýle hem sinhron terjime enjamlary bilen üpjün edilen, maslahatlar, umumy sapaklar, tanyşdyryş dabaralary we giň gerimli çäreler üçin niýetlenen 200 orunlyk döwrebap «Forum Hall» elýeterli bolar.
«Bilelik Hub» atly merkeziň konsepsiýasynda döredijilik ugruna aýratyn orun berilýär. Giňişlikde ussatlyk sapaklary (master-klasslar), bilim maksatnamalary we döredijilik duşuşyklary üçin «Art Studio» işlär. Mundan başga-da, hab medeniýeti we sungaty wagyz edýän meýdança öwrüler. Myhmanlar üçin saýlama edebiýatlar ýygyndysy bolan ýakymly okaýyş burçy açylar, bu ýerde kitaplary ýerinde okap ýa-da şahsy kitaphananyňyz üçin satyn alyp bilersiňiz.
Merkeziň interýerini häzirki zaman suratkeşleriniň we keramika ussatlarynyň işlerinden ybarat bolan sungat galereýasy bezär. Hödürlenýän eserler diňe bir giňişligiň täsin atmosferasynyň bölegi bolman, eýsem, olary satyn almak hem elýeterli bolar. Bu bolsa ýerli awtorlary goldamak we döredijilik industriýasyny ösdürmek üçin goşmaça mümkinçilik döreder.
Amatly işlemek we çäreleri geçirmek üçin niýetlenen hab döwrebap tehniki enjamlar we interaktiw ekranlar bilen üpjün edilendir. Şeýle hem onuň çäginde şahsy kofehana, dynç almak we okamak üçin niýetlenen zolaklar, günüň dowamynda güýç-kuwwatyňy dikeltmek üçin fitnes-burçy ýerleşer.
Surat, wideo we podkastlar üçin zerur enjamlaryň ählisi bilen üpjün edilen kontent-studiýasy hem ajaýyp merkeziň mümkinçilikleriniň üstüni ýetirer.
«Bilelik Hub» merkeziniň açylmagy Türkmenistanyň telekeçilik, bilim we döredijilik gurşawyny ösdürmekde ýene-de bir ädim bolar. Täze giňişlik bilim alyşmak, hyzmatdaşlary tapmak, taslamalara badalga bermek we geljegi bilelikde gurmaga taýyn bolan işjeň ynsanlaryň jemgyýetini kemala getirmek üçin şertleri döredýär.
Ýene sanlyja günden «Bilelik Hub» özüniň ilkinji myhmanlaryny we rezidentlerini kabul eder. Topar jemgyýetiň ilkinji gatnaşyjylary üçin aýratyn sowgat — habyň hyzmatlaryna hemişelik arzanladyşlary taýýarlady. Resmi saýtda elýeterli bolan bu aksiýany elden gidermezligi maslahat berýäris.
Salgysy: Seýdi köçesi 70/1, «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezi, 1-nji gat, «С» blok.
Tel: +99363476289
Resmi saýt: bilelik.com.tm
Poçta: info@bilelik.com.tm
LinkedIn: https://www.linkedin.com/company/bilelik-hub/
TikTok: https://www.tiktok.com/@bilelikhub?_r=1&_t=ZS-973srbvYcgi
Instagram: https://www.instagram.com/bilelik_hub?igsh=MXRlc3RmZnNuZXRucg==
Telegram: t.me/bilelik_hub
Whatsapp: https://wa.me/99363476289
