Aşgabatda kikboksing boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler

MilliInfo
tkm_sport

21—23-nji ýanwar aralygynda kikboksing boýunça ýetginjekleriň we uly ýaşly türgenleriň arasyndaky Türkmenistanyň çempionaty guralar.

Paýtagtymyzdaky «Gökje» sport toplumynda geçiriljek ýaryş Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de ýurdumyzyň Kikboksing federasiýasy tarapyndan geçirilýär.

Ajaýyp kikboksing baýramçylygy sportuň şu görnüşinden milli ýygyndy toparymyzyň düzümine mynasyp ýaşlary seçip almakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Kikboksing muşdaklary ýokary derejede guraljak ýaryşyň duşuşyklaryna sport toplumyna gelip, ýerinde tomaşa edip bilerler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info