Aşgabatda Mahatma Gandiniň doglan gününiň 157 ýyllygy bellenildi

MilliInfo
Aşgabatda Mahatma Gandiniň doglan gününiň 157 ýyllygy bellenildi

Hindistanyň ilçihanasy Aşgabat şäherinde Mahatma Gandiniň doglan gününiň 157 ýyllygy hem-de Halkara zorluk ulanmazlyk güni mynasybetli dabaraly çäre gurady. Bu çärä Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan, Aşgabatda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ilçileri we wekilleri, hindi diasporasynyň agzalary hem-de Hindistanyň Türkmenistandaky dostlary gatnaşdylar.

Dabara Gandiniň heýkeline gül desselerini goýmak bilen başlandy. Bu ýerde çykyş eden BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Sýaoszýun Greýs Wan Gandiniň zorluk ulanmazlyk baradaky pelsepesini we häzirki dünýäde gepleşikleri, çydamlylygy hem-de parahatçylykly ýaşamagy ilerletmekde onuň barha artýan ähmiýetini ýatlap geçdi.

Ilçi Bandaru Wilsonbabu bolsa Gandiniň «Satýagraha» (Hakykatyň güýji), «Ahimsa» (Zorluk ulanmazlyk) we «Sarwodaýa» (Hemmeler üçin ösüş) konsepsiýalary hem-de bu ýörelgeleriň Martin Lýuter King we Nelson Mandela ýaly birnäçe jemgyýetçilik işgärleriniň adalatyň hatyrasyna alyp baran göreşlerine ýetiren täsiri barada aýdyp geçdi. Ol Mahatma Gandiniň Aşgabatdaky heýkeliniň Hindistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugyň, şeýle-de iki döwletiň parahatçylyk, ylalaşyk we agzybirlik medeniýetini ösdürmäge bolan ygrarlylygynyň nyşany bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty bilen Gandiniň zorluk ulanmazlyk pelsepesiniň arasyndaky sazlaşygy nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol Türkmenistanyň 2007-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Gandiniň doglan gününi (2-nji oktýabr) her ýyl Halkara zorluk ulanmazlyk güni hökmünde bellemek baradaky Kararnamasynyň awtordaşlarynyň biri bolandygyny ýatlatdy.

Ýörite ýoga çykyşynyň ýaýbaňlandyrylmagy, Mahatma Gandä bagyşlanan şygyrlaryň okalmagy we onuň iň gowy görýän bajanlarynyň (aýdymlary) ýerine ýetirilmegi dabaranyň ähmiýetini artdyrdy. Mundan başga-da, şanly sene mynasybetli Gandiniň ömrüne we mirasyna bagyşlanan ýörite sergi guraldy. Çäre däp bolan hindi tagamlarynyň hödür-kerem edilmegi bilen tamamlandy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info