Aşgabatda mekdep okuwçylarynyň matematika boýunça III Halkara olimpiadasy açyldy

MilliInfo

9 Aprel, 2026

Şu gün, 9-njy aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän matematika dersi boýunça III Halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy boldy.

Halkara olimpiada Russiýadan, Hytaýdan, Özbegistandan, Täjigistandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Ermenistandan, Belarusdan, Eýrandan, Gyrgyzystandan we Türkmenistandan 200-e golaý okuwçy gatnaşýar.

Olimpiadanyň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary hödürlendi. Ajaýyp medeni maksatnama daşary ýurtly mekdep okuwçylarda özboluşly täsirleri döretdi.

Olimpiýadanyň açylyş dabarasyna Azerbaýjan Respublikasynyň ylym we bilim ministriniň orunbasary Firudin Gurbanow gatnaşdy. Açylyş dabarasynda çykyş eden ministriň orunbasary gatnaşyjylara ylym we bilim ulgamlarynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky häzirki hyzmatdaşlyk barada maglumat berdi. Ol ýaşlaryň ösüşini goldamakda intellektual oýunlaryň we ýaryşlaryň möhüm ornuny aýratyn nygtady. Ministriň orunbasary şeýle hem gatnaşyjylara öz maslahatlaryny berdi we olara üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdi.

Dabara gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda guralan ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerini, şol sanda bilim ulgamynda ýetilen sepgitleri öz içine alýan sergä hem-de uniwersitetiň Taryhy we Magtymguly muzeýlerine aýlanyp gördüler.

Halkara olimpiada A we B derejeler boýunça Aşgabat şäheriniň iňlis dilini çuňlaşdyrylyp öwredýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebinde geçiriler.

Şonuň ýaly-da, halkara olimpiada gatnaşyjylar üçin medeni maksatnama taýýarlanyp, onuň çäginde Türkmenistanyň Bitaraplyk muzeýine, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gezelençleri guramak meýilleşdirildi.

Olimpiada 12-nji aprelde tamamlanar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info