Aşgabatda «Tango ritminde» atly konsert geçirildi

MilliInfo

16 Oktýabr, 2025

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Tango ritminde» atly konsert geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Zehinli aýdymçylarydyr sazandalary we toparlary bir ýere jemlän konsertde tansyň duýgur ritmlerine bagyşlanan dürli eserler tomaşaçylara hödürlenildi. Konsert Astor Piazzollanyň «Libertango» eseri bilen açyldy. Akkordeonda Perhat Tagiýewiň, skripkada Gözel Matkarimowanyň we Mähri Doliýewanyň, altda Ýunus Orazowyň, wiolonçelde Ahmet Babaguliýewiň we kontrabasda Ysmaýyl Sähetmyradowyň ýerine ýetiren bu kompozisiýasy joşgunly argentin tango ýagdaýy bilen tomaşaçylary gurşap aldy. Soňra A.Agajykowyň «Türkmen tango» eseri ýerine ýetirildi we gündogar sazy argentin tangosynyň ritmi bilen utgaşyp, ajaýyp saz eserini döretdi.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow we klarnetde Ýusup Öwezow Piazzollanyň «Perişdäniň ölümi» we «Tango-kafe 1930» eserlerini ýerine ýetirdiler. Inçe duýgy bilen ýerine ýetirilen bu eserleriň sazy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Bahar Duryýewanyň çykyşy hem tomaşaçylaryň ünsini çekdi. Ol «Yo soy Maria» we «Argyn Güneş» eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Onuň ajaýyp we duýgur çykyşy tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Gülälek Baýrammyradowanyň ýolbaşçylygyndaky dördünji çagalar çeperçilik mekdebiniň «Saýrak bilbiller» çagalar hory S.Ýekimowyň «Tango muhi» atly eserini ýerine ýetirip, tomaşaçylary çagalaryň döredijiliginiň päk duýgulary bilen gurşady.

Özboluşly täsir galdyran eserleriň ýene biri A.Gaýnuliniň «Eýforiýa» eseri boldy. Karina Soltanowanyň tans kompozisiýasy bu eseriň ajaýyp mysaly bolup, onuň duýgur mazmunyny tans arkaly aýdyň görkezdi. Akkordeondan, skripkadan, kontrabasdan we kakylyp çalynýan saz gurallaryndan ybarat bolan ansambl Ýelena Arakelýan tarapyndan tansa sazandarlyk etdi.

Konsert agşamy ajaýyp eserler bilen tamamlandy. K.Gardeliň «Tango por una Cabeza», R.Nepesowyň «Tango 13» we H.M.Rodrígueziň «La Cumparsita» ýaly kompozisiýalary ýerine ýetirildi. 

Konsert ýerine ýetirijileriň ajaýyp ussatlygyny görkezdi, aýdym-saz agşamy tango duýgulary, sazy we sungaty bilen dolup, her bir eser tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo