15-nji sentýabrdan paýtagtymyz Aşgabatda şäher ugurlary boýunça täze «Yutong» kysymly ýolagçy awtobuslary hereket edip başlady. Şunlukda, sowadyjy ulgam bilen üpjün edilen 12 metrlik üç gapyly ýolagçy ulag serişdeleri şol gün säher bilen paýtagtymyzyň çäginde ýolagçylara hyzmat edip ugrady.
Ozal habar berşimiz ýaly, paýtagtymyzyň şäher awtoulag parkynyň täzelenmeginiň çäklerinde Aşgabada bu awtobuslaryň 700 sanysy getirildi.

Täze awtobuslar öndürilende «akylly» ulag konsepsiýasyndan ugur alnypdyr. Bu kysymly ulaglar dünýäniň iri megapolislerinde we «akylly» şäherleriň aglabasynda hereket edýär. Awtobus «Euro 5» ölçeglerine kybap gelýän, ekologik taýdan zyýansyz hereketlendiriji bilen üpjün edilen. Şeýle hem ulagda hereketi togtadyjy «Knorr EBS» elektron ulgamy ornaşdyrylan. Ol ýol-ulag ýagdaýynyň dörän mahalynda örän gysga wagtda ulagy duruzmaga kömek edýär. Ýolagçylar ýol üçin tölegi nagt we nagt däl görnüşde, ýagny NFC töleg ulgamy bolan bank kartlary, QR kod, şeýle hem kagyz petekler arkaly amala aşyryp bilýärler. Bulardan başga-da, ulagda «CarLog» programmasy, dolandyryşyň merkezi displeýi, GPS ulgamy hem-de wideokameralar, monitor, haýsy duralga gelnendigini duýdurýan ses enjamlary, Wi-Fi router, ykjam telefonlara elektrik gujur berijiler bar. Bular awtobusa ýöriteleşdirilen sanly ulgam arkaly gözegçilik etmäge, ýolagçylara dynç almaga we wagtlaryny peýdaly geçirmäge mümkinçilik berýär.
Täze awtobuslaryň sowgat edilmegi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk toýuna ajaýyp sowgat boldy.
