Aşgabatda täze okuw ýylyna bagyşlanan sergi guraldy

MilliInfo

28 Awgust, 2025

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurdumyzyň suratkeşleriniň eserlerinden ybarat sergi guraldy. Muzeýiň hazynasynda bu tema bilen bagly eserleriň birnäçesi saklanýar. Olaryň arasynda her ýyl Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirilýän sergilerde hökman görkezilýän nusgawy suratlar hem bar. Şol suratlaryň hatarynda rus suratkeşi Pýotr Tutinasowyň «Ertir mekdebe» atly eseri bar.

Tomaşaçylaryň öňünde geljekki waka bilen ruhy göterilen gyzjagaz mekdep eşigini ütükläp dur. Okuw kitaplary bilen doldurylan torbasy bolsa eýýam taýýar. Gyzjagazyň begençli uçganaklaýan gözleri synpdaşlaryny göresi gelendigini, ertirem olar bilen duşjakdygyna begenýändigini görkezýär.

Ýewgeniýa Adamowanyň «1-nji sentýabr» atly eserinde bolsa täze okuw ýylynyň ilkinji güni eýýam başlanypdyr. Suratda ejesi gyzyny birinji synpa ugradyp taýýarlamak bilen meşgullanýar.

«Mugallym» temasy suratkeşler Muzafar Daneşwar bilen Ýakup Annanurowyň eserlerinde giňden açylyp görkezilýär. Olaryň suratlarynda çagalary bilim dünýäsine alyp barýan medeni ýaş mugallymlar şekillendirilipdir.

Mugallymlar diňe bir ylmyň esaslaryny öwretmek bilen çäklenmän, eýsem ýaş neslini Watana wepaly raýatlar hökmünde terbiýeleýärler. Şeýle hünärmenleriň biri heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň «Biziň oba mugallymymyz» atly heýkeli birnäçe ýyllaryň dowamynda tomaşaçylaryň kalbyny özüne çekýär.

Aýhan Hajyýewiň «Ilkinji mugallym» atly meşhur suratynda sowatsyzlyga garşy alnyp barlan göreşiň uzak geçmişine syýahat edýäris. Ilkinji mugallym yssy çölünden döz gelip, uzakdaky oba mekdep esbaplaryny gowşurýardy. Ýyllar geçýär, onýyllyklar çalyşýarlar, emma ylmy-bilime berlen höwesjeň mugallymyň gahrymançylygy häzirki günlerde hem haýran galdyrýar.

Tomaşaçylar Baýram Hojammaýewiň «Synag» atly suratynyň öňünde uzak wagtlap saklanýarlar. Nakgaşa talyplaryň synagdan öňki tolgunma ýagdaýyny çuňňur duýgy bilen beýan etmek başardypdyr.

Sergide suratkeş Suwly Ýaranowyň «Parfiýa ýaşlary» atly suraty hem bar. Ýaş oglanlar we gyzlar ýerden ýokaryda süzüp barýarlar, elleri bilen bulutlara degýärler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo