Aşgabatda türk döwletini esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürkiň aradan çykmagynyň 88 ýyllygyna gabatlanyp, beýik şahsyýeti hatyralamak çäresi guraldy. Atatürk seýilgähinde guralan hatyra çäresinde beýik şahsyýetiň ýädygärligine gül desseleri goýuldy. Oňa Türkiýäniň ilçihanasynyň wekilleri, doganlyk halkyň Watanymyzda ýaşaýan wekilleridir Aşgabat şäher häkimliginiň işgärleri, şeýle hem beýleki diplomatik wekilhanalaryň agzalary gatnaşdylar.
Bu ýerde edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, ömrüni halkyna bagyş eden Atatürk ýaşan döwrüniň kynçylyklaryna we çäkli mümkinçiliklerine garamazdan, türk milletiniň ykbalyny hem taryhyň akymyny özgertdi we türk döwletini esaslandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Türkiýe Respublikasynyň 103 ýyllygy bellenildi.
Bu gün Türkiýe Respublikasy Atatürkiň badalga beren ýolundan ynamly öňe gidip, ynsanperwer gymmatlyklary hemişe ileri tutýan başlangyçly we parahatçylyk söýüji daşary syýasaty bilen sebitde we bütin dünýäde hakykatyň hem-de adalatyň sesi bolmagyny dowam etdirýär. Respublikanyň daşary syýasatymyzyň esasy ugrukdyryjy ýörelgesi bolsa ömrüniň uly bölegini söweş meýdanlarynda geçiren serkerde Atatürkiň «Ýurtda parahatçylyk, dünýäde parahatçylyk!» diýen sözleri bile örboýuna galýar.
