Düýn — 29-njy oktýabrda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurduň milli baýramy — Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 102 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik gurady.
Kabul edişlikde çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow doganlyk türk halkyny şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Wise-premýer iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekdi we onuň mundan beýläk-de özara peýdaly hem netijeli dowam etjekdigine, medeni we ynsanperwer gatnaşykalaryň has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Ähmiýetli dabara täsirli medeni maksatnama bilen utgaşyp gitdi.

