Aşgabatda Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen ada mynasyp bolan ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi

MilliInfo

1 sagat öň

Aşgabatda Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen ada mynasyp bolan ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi

Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen ada mynasyp bolan ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, döredijilikli zähmeti bilen döwrümiziň ösüşlerine goşant goşýan bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmelere, bedew batly ösüşlere hem-de ýaşlaryň üstünliklerine bagyşlanan sergini synladylar. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň ýan kitabyna öwrülen gymmatly eserlerine möhüm orun berildi. Ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilen wagtyndan bäri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy beden we ruhy-ahlak taýdan sagdyn, zähmetsöýer, Watana wepaly nesilleri terbiýelemek işine mynasyp goşant goşup gelýär. Gurama ýurdumyzyň ýaşlaryny bir ýere jemläp, olaryň ukyp-başarnyklaryny, bilimini Garaşsyz Watanymyzy ösdürmäge gönükdirmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär.

Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy öňdebaryjy ýaşlaryň we ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy bilen açyldy. Ol bedew badynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyza ýaşlaryň belent buýsanjynyň beýany boldy.

Soňra dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalaryna hem-de Ýaşlar baýragynyň eýelerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Soňra zähmetde, döredijilikde, ylym-bilimde aýratyn tapawutlanan ýaşlar gezekli-gezegine Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny kabul etdiler. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň köp sanlysy bu baýraga hödürlenildi. Şolardan ylymda, bilimde, sportda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda üstünlikleri gazanan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp görüldi. Abraýly baýraga mynasyp bolan ýaşlar degişli şahadatnamalary we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary buýsanç bilen kabul etdiler.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» kabul edildi. Onuň çäklerinde türkmen ýaşlarynyň we olaryň dürli döwletlerdäki deň-duşlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Sylaglanyş dabarasynda edilen çykyşlarda bu barada giňişleýin söhbet edildi.

Dabaranyň ahyrynda Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info