Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy

MilliInfo

18 Sentýabr, 2025

Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçýän ähmiýetli forum milli ykdysadyýetimiziň eýe bolan üstünlikleriniň görkezijisi hökmünde möhüm ähmiýete eýedir.

Ajaýyp gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary gatnaşdy.

Sergi meýdançasynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, döwlet maksatnamalarynyň, innowasion taslamalaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan çäreleri giňişleýin şöhlelendirýän pudaklaýyn diwarlyklar ýerleşdirilipdir.

Bu ýerde milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklarynyň okgunly ösüşi beýan edilýär. Olaryň ajaýyp pawilýonlarynda ýerleşdirilen taslamalar, şekiller hem-de gymmatlyklar Garaşsyzlyk ýyllarynyň taryhy netijelerini şöhlelendirýär. Elbetde, sanlyja ýylda ýetilen üstünlikler ähmiýeti boýunça asyrlara barabar bolup, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşleriniň özenini emele getirýär.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo