Aşgabatda we ýurdumyzyň sebitlerinde at çapyşyklary geçirildi

MilliInfo

1 sagat öň

Aşgabatda we ýurdumyzyň sebitlerinde at çapyşyklary geçirildi

Häzirki wagtda güýzki at çapyşyk möwsümi dowam edýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Ýekşenbe güni Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan çapyşyklaryň bäşisi hem täsirliligi bilen tapawutlandy. Birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Garlawaç II atly gara at pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Ikinji çapyşykda Türkmenistanyň at gazanan atşynasy R.Agamyradowyň seýislän Dorbedew diýen dor aty ýeňiji boldy. Üçünji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Agzybir atly mele at öňdeligi saklady. Dördünji çapyşykda-da çekeleşikli pursatlar ýeterlik bolup, Bäşdag atly bedew ýeňiş gazandy. Jemleýji bäşinji çapyşykda Gazanar atly at ýokary netije görkezdi.

Balkan atçylyk sport toplumynda bäş çapyşyk guraldy. Oňa welaýatyň çar künjünden gelen atlar gatnaşdyryldy. Birinji tapgyrda ikiýaşar atlar 1200 metr aralyk boýunça bäsleşdiler. Ýeňiş Uçgun bedewiniň tarapynda boldy. Ikinji çapyşykda Gülparça birinji orny eýeledi. Üçünji çapyşyga üçýaşar atlar gatnaşyp, Dorgözel diýen bedew pellehana ilkinji geldi. Dördünji çapyşykda Arzuwym atly at üstün çykdy. Jemleýji çapyşyga dört we ondan hem uly ýaşar atlar gatnaşdyryldy. Bu çapyşykda Garabezirgen pellehanadan birinji bolup geçdi.

Lebap atçylyk sport toplumynda guralan çapyşyklar-da ýyndam bedewleri öňe saýlady. Günüň ilkinji çapyşygynda Armangala diýen bedew ýeňiji boldy. Ikinji çapyşykda Köpel atly dor at ýeňiş gazandy. Üçünji çapyşykda Erikdag ýeňşini baýram etdi. Dördünji çapyşykda Emir öňdäki orny elden bermedi. Jemleýji çapyşykda Aýnäzik atly dor gysrak ýeňiş gazandy.

Daşoguz welaýatynyň atçylyk sport toplumynda geçirilen nobatdaky çapyşyk-da myhmanlara şatlyk-şowhun paýlady. Juda çekeleşikli geçen bäş çapyşykda ezber çapyksuwarlar öz ussatlyklaryny görkezdiler. Çapyşygyň birinji tapgyrynda Şameňli pellehana ilkinji bolup geldi. Ikinji çapyşykda Gadam ýeňiji boldy. Çapyşyklaryň üçünjisinde Gallaçy dor aty öňdeligi elden bermedi. Dördünji çapyşykda gyr gysrak Arzuwym öňe saýlandy. Jemleýji çapyşykda Aýdyňly bäsleşigi ýeňiş bilen tamamlady.

Mary atçylyk sport toplumynda guralan at çapyşyklary hem täsirli geçdi. Birinji çapyşykda Taýmaz II diýen at pellehana ilki geldi. Ikinji çapyşykda Garadag atly gara bedew ýeňiş gazandy. Täsirli geçen üçünji çapyşykda Garagöwher diýen dor gysrak pellehana birinji bolup geldi. Dördünji çapyşykda Keýmir bedewi öňdeligi elden bermän, ýeňşini baýram etdi. Çekeleşikli geçen jemleýji — bäşinji tapgyrda R.Läliýewiň hojalygyna degişli Toýçy diýen mele at beýleki bedewlerden tapawutly çapdy we ýeňiji bolmagyň hötdesinden geldi.

Paýtagtymyzda we Diýarymyzyň sebitlerinde guralan ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelän bedewlere serpaýlar ýapylyp, çapyksuwarlara gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info