13—18-nji ýanwar aralygynda boks boýunça 2008-2009-njy ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirilýär. Paýtagtymyzdaky «Gökje» sport toplumynda geçiriljek ýaryş Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de ýurdumyzyň Boks federasiýasy tarapyndan guralýar.
Ringdäki duşuşyklar her gün 12:00-da başlanýar. Ajaýyp boks baýramçylygy sportuň şu görnüşinden milli ýygyndy toparymyzyň düzümine mynasyp ýaşlary seçip almakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Boks muşdaklary ýokary derejede guraljak ýaryşyň duşuşyklaryna sport toplumyna gelip, ýerinde tomaşa edip bilerler.